Bu, Firefox ESR 91 esasly ilkinji durnukly çykaryş we Tor 0.4.6.8 üçin möhüm täzelenmäni öz içine alýar.
Näme Täzelik?
Tor Browser täze görnüşde
Şu ýylyň başynda, Firefox ulanyjy interfeýsi täzeden dizaýn edildi brauzer hromyny ýönekeýleşdirmäge, menýulary tertipleşdirmäge we düýbünden täze tab dizaýny bolmagy maksat edindi .
Firefox ESR 91 täze dizaýny Tor Browser-e ilkinji gezek hödürleýär.
Täze tejribä laýyk gelmegini üpjün etmek üçin Tor Browse her bir adaty UI bölegi Firefox-yň täze keşbine we görnüşine laýyklaşdyryldy.
Bu reňk, tipografiýa we düwmeler ýaly esaslary täzelemekden başlap, täze inçejik şekiljik stiline gabat gelýän şekiljikleriň täzeden çyzylmasyna çenli öz içine alýar.
Brauzer hromynyň özünden başga-da, birikdiriş we zynjyr ekrany, howpsuzlyk derejeleri we onion saýtdaky ýalňyşlyklar düzeldildi - hersine durmuşyň gowulaşmagyny görkezýän kiçijik, ýöne oňat hilli kämilleşdiriş berildi.
v2 onion hyzmatlarynyň iň soňky çäklendirilişi
Biz geçen ýyl v2 onion hyzmatlarynyň 2021-nji ýylyň ahyrynda çäklendiriljekdigini mälim etdik we 10.5 çykarylşyndan bäri Tor Browser, ýakyn wagtda çäklendiriljek v2 onion saýtlaryna girýän ulanyjylara duýduryş bermek bilen meşgullandy. Ahyrsoňy, şol gün geldi.
Tor 0.4.6.8 v2 onion hyzmatlaryna täzelenen soň, Tor Browser-i elýeterli bolmaýar we ulanyjylar ýerine "Nädogry Onion Saýty Salgysy" ýalňyşlygyny alarlar.
Öň işleýän v2 adresi görmäge synanyşanyňyzda bu ýalňyşlygy alsaňyz, brauzeriňizde hiç hili ýalňyşlyk ýok - munuň ýerine mesele sahypanyň özi bilen baglanyşykly.
Isleseňiz, bu mesele barada onion sahypasynyň dolandyryjysyna habar berip bilersiňiz we mümkin boldugyça gysga wagtda v3 onion hyzmatyna täzelenmegi maslahat berip bilersiňiz.
Öçürmäge ýa-da täzelenmäge mätäç bolan bellikleriňizde henizem saklanan köne v2 salgylaryňyzyň bardygyny ýa-da ýokdugyny aýtmak aňsat: ikisiniň hem soňy .onion gutarsa-da, has ygtybarly v3 salgylar v2-iň ortaça 16 simwol uzynlygy bilen deňeşdirilende 56 simwoldan ybaratdyr.
Belli meseleler
Tor Browser 11.0 belli meseleler bilen gelýär:
- Bug 40668: DocumentFreezer & file scheme
- Bug 40671: Fonts don't render
- Bug 40679: Missing features on first-time launch in esr91 on MacOS
- Bug 40689: Change Blockchair Search provider's HTTP method
- Bug 40667: AV1 videos shows as corrupt files in Windows 8.1
- Bug 40677: Since the update to 11.0a9 some addons are inactive and need disabling-reenabling on each start
- Bug 40666: Switching svg.disable affects NoScript settings
- Bug 40690: Browser chrome breaks when private browsing mode is turned off
- Bug 40693: Potential Wayland dependency (new)
- Bug 40692: Picture-in-Picture is enabled on tbb 11.0a10 (new)
- Bug 40700: Switch Firefox recommendations off by default (new)
- Bug 40705: "visit our website" link on about:tbupdate pointing to different locations (new)
- Bug 40706: Fix issue in https-e wasm (new)
Seslenme ber
Bir näsazlyk tapsaňyz ýa-da bu çykyndyny nädip gowulandyryp boljakdygy barada teklip bar bolsa haýyş bize habar beriň.
Tor toparlaryň hemmesine we bu çykyndyň çykmasyna goşant goşan köp meýletinçilere sag bolsun aýdýarys.