Täze Çykarylyş: Tor Browser 10.5

Tor Browse 10.5 indi Tor Browse göçürip almak sahypasyndan we ýaýradyş katalogymyzdan elýeterli. Android wersiýasy Google Play -den hem elýeterli bolup, ertesi gün F-Droid-dan elýeterli bolar.

Bu çykarylyş, Firefox-yň möhüm howpsuzlyk täzelenmelerini öz içine alýar.

Bu täze Tor Browser çykarylyşy, Tor arkaly senzuraly kontekstde birikýän ulanyjylaryň internete girmegini gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Näme täzelik?

V2 Onion Hyzmatlary çäklendirildi

Geçen ýyl habar berşimiz ýaly, Tor Browser 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Tor 0.4.6.x geçenden soň, onion hyzmatlary v2 wersiýasy düýbünden çäklendiriler. Mundan beýläk, Tor Browser, ýakyn geljekde v2 onion saýtyna baranyňyzda onuň çäklendirilmegi hakynda size duýduryş berer.

Snowflake köpri hökmünde elýeterli

Snowflake arkaly, senzuraly ulanyjylar internete birikmek üçin meýletinler tarapyndan dolandyrylýan wekillerine bil baglap bilerler.

Şu ýylyň 1-nji çärýeginde UX topary, Snowflake-iň ulanyjy tejribesine has gowy düşünmek üçin Tor Browser Alpha-da gözleg geçirdi. Anketa 1795 sany doly jogap aldy, şolardan 726 gatnaşyjy Snowflake ulagly daşaýjy hökmünde ulanýandyklaryny tassyklady. Anketany tamamlan Snowflake ulanyjylarynyň köpüsi, geçen ýylyň dowamynda hepdede birnäçe gezek Tor Browser ulanyp başlady. Ulanyjylaryň 75% -i Snowflake üçin oňyn garaýardylar, emma brauziň edilende, baglanyşyk kynçylyklaryny we tizligiň haýal bolmagyny başdan geçirdiler. Bu faktlar we meýletinjileriň durnukly ulgamy, bu çykarylyşda el-ýeterliligini üpjün edip bileýäris.

Tor arkaly birikmek üçin ulanyjy tejribesini ýokarlandyryldy

Tor Launcher ýyllar boýy ösen Tor network-iň konfigurasiýalary üçin opsiýa paneli hökmünde hereket etdi. Şeýle hem, senzuraly ulgamlarda bolan ulanyjylar üçin gözegçilik nokady bolup hyzmat edýär. UX we Senzura garşy toparlar Tor Browser ulanyjylary üçin birleşdiriji akymy gowulandyrmak üçin tagalla etdiler. Bu çykarylyş, senzuraly ulanyjylara birikme akymyny ýönekeýleşdirmek, senzurany kesgitlemek we köpri bermek arkaly açyk internete bökdençsiz girmäge kömek edýän birnäçe tapgyryň ilkinjisidir.

Belli Meseleler

Tor Browser 10.5 birnäçe bilinýän meseleler bilen gelýär:

Seslenme Ber

Bir näsazlyk tapsaňyz ýa-da bu çykyndyny nädip gowulandyryp boljakdygy barada teklip bar bolsa haýyş bize habar beriň. Tor toparlaryň hemmesine we bu çykyndyň çykmasyna goşant goşan köp meýletinçilere sag bolsun aýdýarys.

Kömek gerekmi?

Jemgyýet üçin ýygy-ýygydan soralýan soraglara serediň

Goldaw bolümine serediň

Habarlaşyň

Biziň bilen göni çatlaşyň!

IRC-de bize goşulyň